Türkiýeden edilýän pomidor eksporty 12,26 göterim ýokarlady

Türkiýede parniklerde öndürilýän pomidor eksporty 1-nji ýanwar-25-nji aralygynda 12,6 göterim artdy

1387164
Türkiýeden edilýän pomidor eksporty 12,26 göterim ýokarlady

Türkiýeden 85 ýurda edilen ter gök we miwe önümleriniň eksporty geçen ýylyň degişli döwrüne görä ýokary mukdarda artan bolsa, onuň esasy bölegini pomidor eksport emele getirýär.

Türkiýäniň Eksportçylar Mejlisiniň görkezijilerine görä geçen ýylyň 1-nji ýanwar-25-nji marty aralygynda 106,754,557 dollarlyk pomidor eksport eden Türkiýe, üstümizdäki ýylyň degişli döwründe 119,846,29 dollarlyk eksport amala aşyrdy.

Pomidor eksporty 12,26 göterim ýokarlady.

Ýokary eksport potensialyna eýe bolan burçuň eksportynda bolsa geçen ýyl bilen deňeşdirilende 13,52 göterim ösüş boldy.

Pomidor esasan Ukraina, Russiýa we Rumyniýa, burç bolsa esasan Germaniýa, Rumyniýa we Russiýa eksport edildi.



Degişli Habarlar