Germaniýa Saud Arabystanyna ýene-de 9 aý ýarag eksport etmez

Germaniýanyň hökümeti Saud Arabystanyna ýene-de 9 aý ýarag eksportyny etmezlik barada karar kabul etdi

1383671
Germaniýa Saud Arabystanyna ýene-de 9 aý ýarag eksport etmez

Germaniýanyň DPA habarlar agentliginiň, hökümetiň metbugat geňeşçisine esaslanyp beren habarynda, Germaniýanyň hökümetiniň Saud Arabystanyna garşy girizen ýarag eksportyny duruzmak baradky kararyny 2020-nji ýylyň 31-nji dekabryna çenli ýene-de 9 aý uzadandygy mälim edildi. 

Saud Arabystanly žurnalist Jemal Kaşykçy jenaýaty sebäpli 2018-nji ýylyň oktýabr aýynda Saud Arabystanyna ýarag eksportyny bes etmek barada karar kabul eden Germaniýanyň hökümeti, bu kararyň möhledini soňky gezek bolsa 2019-njy ýylyň 30-njy sentýabryndan 2020-nji ýylyň 31-nji martyna çenli uzadypdy. 

 


Etiketkalar: #eksport , #ýarag , #Germaniýa

Degişli Habarlar