Türkiýäniň ter gök we miwe eksporty 27,6 göterim artdy

85 ýurda 956 müň tonnalyk ter gök we miwe önümi eksport edildi we 581 million dollarlyk girdeji gazanyldy

1382888
Türkiýäniň ter gök we miwe eksporty 27,6 göterim artdy

 

Ýanwar aýynyň 1-i bilen mart aýynyň 19-y  aralygynda ter gök we miwe eksporty geçen ýylyň degişli döwrü bilen deňeşdirilende 27,6 göterim artyp 581 millon dollara barabar boldy.

Günbatar Ortaýer deňizi eksportçylar bileleşiginiň başlygy Hakky Bahar, koronawirus sebäpli käbir pudaklaryň eksportynyň aşaklandygyny, emma ter gök we miwe önümleriniň eksportynyň bolsa ýokarlandygyny aýtdy.

Hakky Bahar, “Ýanwar aýynyň 1-i bilen mart aýynyň 19-y  aralygynda 85 ýurda 956 müň tonnalyk ter gök we miwe önümi eksport edildi we 581 million dollarlyk girdeji gazanyldy” diýdi.

Bahar eksport sanawynda Russiýanyň, Ruminiýanyň, Ukrainanyň, Yragyň, Germaniýanyň, Bolgariýanyň, Polşanyň, Serbiýanyň we Saud Arabystanynyň esasy orun eýeleýändigini belledi.



Degişli Habarlar