Saud Arabystany nebit önümçiligini 10 million barrele ýetirer

Saud Arabystanynyň nebit  eksporty 2018-nji ýylyda günlük 7,69, 2019-njy ýylyň dekabr aýynda bolsa günlük 7,373 million barrele barabar bolupdy

1380177
Saud Arabystany nebit önümçiligini 10 million barrele ýetirer

 

Saud Arabystanynyň Energetika ministri Abdulaziz Bin Salman, ýurdunyň birnäçe aýyň içinde nebit önümçiligini günlük 10 million barrele ýetirjekdigini aýtdy.

Al Arabiýa kanalynyň berýän habaryna görä, ministr Bin Salman, ýurdunyň nebit önümçiligi hakynda maglmat berdi.

Ministr Bin Salman, ýurdunyň birnäçe aýyň içinde nebit önümçiligini günlük 10 million barrele ýetirjekdigini aýtdy.

Saud Arabystanynyň nebit  eksporty 2018-nji ýylyda günlük 7,69, 2019-njy ýylyň dekabr aýynda bolsa günlük 7,373 million barrele barabar bolupdy.

Saudy Aramko firmasy geçen hepde 1-nji aprelden başlap günlük çig nebit önümçiligini 12,3 million barrele ýetirjekdiklerini mälim edipdi.



Degişli Habarlar