THÝ syýahatçylyk maksatly daşary ýurt uçar saparlaryny artdyrýar

Türk Howaýollary kärhanasy syýahatçylyk maksatly daşary ýurt uçar gatnawlaryny artdyrýar

1364403
THÝ syýahatçylyk maksatly daşary ýurt uçar saparlaryny artdyrýar

Tomus möwsüminde daşary ýurtlardan jemi 26 aýry nokatdan Türkiýäniň syýahatçylyk merkezleri bolan Antalýa, Izmire, Dalamana we Bodruma hepdede 98 aýry uçar gatnawy amala aşyrylar.  

Üstümizdäki ýylyň tomus aýlarynda daşary ýurtlardaky jemi 20 aýry nokatdan syýahatçylygyň paýtagty Antalýa hepdelik 74 uçar sapary amala aşyrylar.

Moskwadan Antalýa şäherine geçen ýyl hepdelik 7 uçar gatnawy amala aşyrylan bolsa, şu ýyl bu san 14-e ýetiriler.

Muglanyň Dalaman etrabyna bolsa şu ýyl daşary ýurtlardan jemi 4 aýry nokatdan uçar saparlary guralar.


Etiketkalar: #Mugla , #Antalýa , #THÝ

Degişli Habarlar