Türk aýrany geçen ýyl 12 ýurtda saçaklary bezedi

Türkiýäniň Hasabat guramasynyň görkezijilerine görä Türkiýe geçen ýyl 1,667 tonna aýran eksport etdi

1363976
Türk aýrany geçen ýyl 12 ýurtda saçaklary bezedi

Aýran eksportyndan alynan girdejiniň mukdary bolsa 924,226 dollara barabar boldy.

Şol mukdar 2018-nji ýylda 878 müň dollara dendi.

2019-njy ýylda öndürilen 720,120 tybba aýran 12 ýurda eksport edildi.

Türk aýrany Gürjistanda, Liwiýada, Azerbaýjanda, ABŞ-da, Liwanda, Kuweýtde, Katarda, Siriýada, Yrakda, Owganystanda, Birleşen Arap Emirliklerinde we Türkmenistanda saçaklary bezedi.



Degişli Habarlar