Sabiha Gökçen howa menzilinden ýanwar aýynda 2 million 935 müň 618 ýolagçy gatnadyldy

Howa menzilinden ýanwarynda aýynda 18 müň 492 uçar sapary amala aşyryldy

1363387
Sabiha Gökçen howa menzilinden ýanwar aýynda 2 million 935 müň 618 ýolagçy gatnadyldy

 

Sabiha Gökçen howa menzilinden ýanwar aýynda 2 million 935 müň 618 ýolagçy gatnadyldy.

Ýolagçy sany geçen ýylyň ýanwar aýy bilen deňeşdirilende 177 müň 772 adam artdy.

Mesele hakynda berlen maglumata görä, ýanwar aýynda Sabiha Gökçen howa menzilinden guralan uçar sapary bilen birlikde ýolagçy sany hem artdy.

Howa menzilinden ýanwar aýynda 1 million 721 müň 39 ýolagçy içerki uçuşlardan, 1 million 214 müň 579 ýolagçy bolsa daşarky uçuşlardan syýahat etdi.

Howa menzilinden üstümizdäki ýylyň ýanwarynda aýynda 18 müň 492 uçar sapary amala aşyryldy.



Degişli Habarlar