Türk howaýollary Belarusa guraýan saparynyň sanyny artdyrar

Bu barada Türk howaýollarynyň Minskdäki Baş müdiri İsmail Öztürkiň beýanatynda habar berildi

1362402
Türk howaýollary Belarusa guraýan saparynyň sanyny artdyrar

Türk howaýollarynyň Miniskdäki Baş müdiri İsmail Öztürk Stambul-Minisk-Stambul gatnawlarynyň 2006-njy ýylda 2 sapar bilen başlandygyny, 2017-nji ýylyň dekabr aýyna çenli saparlaryň sanynyň 5-e ýetirilendigini belläp: “İki ýurduň Raýat awiasiýasynyň ýolbaşçylarynyň arasynda gazanylan ylalaşyga laýyklykda 2020-nji ýylyň 30-njy martynda birinji tapgyrda 7 sapar amala aşyrylar.

1-nji iýundan 30-njy sentýabr çenli bolsa uçuşlaryň 10 sapar görnüşinde amala aşyryljakdygyna ünsi çeken Öztürk: “Sapar sanynyň artmagy bilen Türkiýe bilen Belarusyň arasyndaky gatnaşyklaryň ösdürilmegine goşant goşmak maksat edinilýär” diýdi.



Degişli Habarlar