Iki ýurduň arasyndaki söwda mukdaryny ilki 1 milliard dollara ýetirmegi maksat edinýäris

Prezident Erdogan, Türkiýe-Pakistan işewürler maslahatyna gatnaşdy.

Iki ýurduň arasyndaki söwda mukdaryny ilki 1 milliard dollara ýetirmegi maksat edinýäris

Pakistanda saparda bolýan Prezident R. T. Erdogan, saparynyň çäginde Türkiýe-Pakistan işewürler maslahatyna gatnaşdy.

Prezident Erdogan işewürler maslahatynda sözlän sözünde Pakistan bilen Türkiýäniň arasyndaki söwda mukdaryny ilki 1 milliard dollara, wagtyň geçmegi bilen hem 5 milliard dollara ýetirmegi maksat edinýändiklerini nygtady.

Türkiýäniň Pakistandaky maýa goýumlarynyň 500 million dollara barabardygyny gürrüň beren Erdogan “Şu günkü güne çenli ýurdumyza ynam bildiren we Türkiýede maýa goýan hiç kim puşman bolmady” diýdi.

Pakistanyň halkynyn saglygyny bejertmek üçin Günbatarly ýurtlara gidýändigini nygtan Prezident Erdogan, “ Türkiýe saglygy goraýyş pudagynda uly öňe gidişlik etdi. Dünýäniň çar tarapyndan gelýän hassalary berjerýär, bahalary hem amatly. Pakistanly doganlyrymyz hem saglyklaryny bejertmek üçin Türkiýä gelip bilerler” diýdi.

 



Degişli Habarlar