Mustafa Warank Senagat önümçiligi bilen bagly beýanat berdi

Türkiýäniň Senagat we tehnologiýa ministri Mustafa Warank, Twitter hasabyndan Senagat önümçiliginiň indeksi bilen bagly beýanat berdi

Mustafa Warank Senagat önümçiligi bilen bagly beýanat berdi

Türkiýäniň Senagat we tehnologiýa ministri Mustafa Warank, 2019-njy ýylyň dekabr aýynda senagat önümçiliginiň ýyllyk esasda 8,6 götermlik artyş bilen 21 aýyň rekordyna ýetendigini habar berdi.

Türkiýäniň Senagat we tehnologiýa ministri Mustafa Warank, Twitter hasabyndan Senagat önümçiliginiň indeksi bilen bagly beýanat berdi.

“2019-njy ýylyň dekabr aýynda ýyllyk esasda 8,6 göterimlik artyş bilen 21 aýyň rekordyna ýetdi” diýip habar beren Warank: “Bu görkezijini hemişelik ýagdaýa getirmäge we önümçilik esasda ösüş etmäge gönükdik. Ösüşiň tizleşýän, real pudagyň güýçlenýän, iş orunlaryň artýan bir ýyl bolmagy üçin tagalla edýäris. Ýyllyk esasda indeks ähli ugurlar boýunça oňyn görkezijilere eýe” diýip aýan etdi.

Türkiýäniň Hasabat guramasy (TÜIK), 2019-njy ýylyň dekabr aýy bilen baglanşykly senagat önümçiliginiň görkezijilerini şu gün aýan edipdi.

Görkezijilere laýyklykda, senenama täsirinden saplanan senagat önümçiligi 2019-njy ýylyň dekabr aýynda 2018-nji ýylyň şol aýyna garanyňda, 8,6 göterim artyp, möwsüm we senenama täsirinden saplanan senagat önümçilgi bolsa 1 aý ozalka garanyňda 1,9 göterim artdy.



Degişli Habarlar