Ministr Pekjan Marokkoda ikitaraplaýyn häsýetde maýa goýmak barada çagyryş berdi
Ruhsar Pekjan Marokkoda saparda boldy
1342198
Türkiýäniň Söwda ministri Ruhsar Pekjan, Nigeriýa guran saparyndan soň, saparda bolan Marokkonyň paýtagty Rabat şäherinde Marokkonyň şalygynyň Senagat, söwda, ýaşyl we sifrleýin ykdysadyýet ministri Moulaý Hafid Elalamy bilen duşuşyk geçirdi.
Pekjan ol ýerde eden çykyşynda, Marokkonyň Türkiýäniň möhüm hyzmatdaşlaryndan biridigini, türk işewür adamlarynyň bu ýurtda has köp maýa goýmagyna garaşýandyklaryny belläp: “Marokkoly maýadarlary hem Türkiýä maýa goýmaga çagyrýarys” diýip belledi.
Degişli Habarlar
Ministr Mehmet Şimşek ABŞ-na Gitdi
Mehmet Şimşek, Halkara pul gaznasynyň Baharky maslahatyna gatnaşar