Türkiýäniň ter gök we miwe önümleriniň eksporty 2 milliard 260 million dollara barabar boldy

Ter gök we miwe önüm eksporty ykdysadyýete uly goşant goşýandygyny nygtady.

1335586
Türkiýäniň ter gök we miwe önümleriniň eksporty 2 milliard 260 million dollara barabar boldy

Türkiýäniň ter gök we miwe önümleriniň eksporty 2 milliard 260 million dollara barabar boldy.

Ortaýer deňizi ter gök we miwe önüm eksportçylar bileleşiginiň Dolanşyk geňeşiniň başlygy Nejdet Sin, ter gök we miwe önüm eksportynyň ykdysadyýete uly goşant goşýandygyny nygtady.

Nejdet Sin ýyllyk sitrus eksportynyň 755,7 million dollara, ter miwe eksportynyň 845,46 million dollara, ter gök önüm eksportynyň bolsa 644,16 million dollara, çaý eksportynyň bolsa 15 million dollara barabar bolandygyny belledi.

Nejdet Sin “2019-njy ýylda 758 müň 160 tonna mandarin eksport edip 347,33 million dollarlyk girdeji gazandyk. Ady agzalýan döwürde 304,5 million dollarlyk pomidor eksport edildi. Limon eksporty bolsa 244,8 million dollara barabar boldy” diýdi.

 

 

 

 

 

 


Etiketkalar: #sitrus , #pomidor , #eksport

Degişli Habarlar