“ASELSAN” 2019-njy ýylda hem türk lirasy hem-de walýuta görnüşinde uly girdeji gazandy

“ASELSAN-dan” berilen beýannamada firmanyň 44 ýyldan bäri ösüş depginini dowam etdirýändigi nygtalýar

1332633
“ASELSAN” 2019-njy ýylda hem türk lirasy hem-de walýuta görnüşinde uly girdeji gazandy

Harby elektron senagaty “ASELSAN-dan” berilen beýannamada firmanyň 44 ýyldan bäri ösüş depginini dowam etdirýändigi nygtalýar

Beýannamada önümçilikden barlag-kämilleşdiriş işlerine we eksporta çenli alynyp barylýan işlere üns çekilip; “Soňky ýyllardaky güýçli satuw depgini 2019-njy ýylda hem dowam etdi. Türk goranyş senagatynda ýerlileşdirmäniň we milleşdirmäniň öňbaşçylaryndan biri bolan “ASELSAN” pudakdaky ýerlilik derejesiniň artyşyna parallellikde ösüş depginini ýokarlandyrmaga dowam edýär. firmanyň 2019-njy ýyldaky söwda mukdary hem türk lirasy hem-de walýuta görnüşinde taryhy rekord derejä ýetdi” diýilýär.

Şu ýyl “ASELSAN-yň” eksportda rekord ýokarlama edendigi barada aýdylýan beýannamada, daşarky satuwlaryň 50 göterim ýokarlap, 327 million dollardan geçendigi bellenilýär.



Degişli Habarlar