Russiýa "Sibiriň güýji" tebigy gaz geçiriji turba taslamasyndan Hytaýa gaz akdyrmaga başlady

Russiýanyň tebigy gazyny Hytaýa akytjak "Sibiriň Güýji" tebigy gaz geçiriji turba taslamasy şu gün işläp başlady

Russiýa "Sibiriň güýji" tebigy gaz geçiriji turba taslamasyndan Hytaýa gaz akdyrmaga başlady

Russiýanyň Soçi şäherinde geçirilen dabara wideo şekilli göni aragatnaşyk arkaly gatnaşan Russiýanyň Döwlet baştutany Wladimir Putin we Hytaýyň Döwlet baştutany Si Szinpiniň buýruklary bilen Russiýanyň gazy Hytaýa iberilmäge başlandy. 

Putin ol ýerde eden çykyşynda, taslamanyň ähmiýetiniň üstünde durup geçip: "Sibiriň güýji tebigy gaz geçiriji turba taslamasyndan Hytaýa 30 ýylyň dowamynda trillionlarça kub metrlik gaz iberiler" diýip habar berdi. 

Dünýäniň iň uly tebigy gaz eksportçysy bolan Russiýa, bu taslama bilen dünýäniň iň uly importçylaryndan bolan Hytaýa 30 ýylyň dowamynda ýylda 38 milliard kub metr tebigy gaz eksport eder. 

 


Etiketkalar: tebigy gaz , taslama , Hytaý , Russiýa

Degişli Habarlar