Gazpromyň sap girdejisi 45 göterim aşaklady

Russiýanyň açyk paýdarlar jemgyýeti Gazpromyň ýylyň üçünji çärýegindäki sap girdejisi 45 göterim aşaklap, 212 milliard rubla deň boldy

Gazpromyň sap girdejisi 45 göterim aşaklady

Gazpromdan berilen beýannamada jemgyýetiň üçünji çärýekdäki girdejisiniň 2018-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 37 göterim aşaklap, 587 milliard rubla barabar bolandygy nygtalýar.

Jemgyýetiň sap girdejisiniň bolsa degişli döwürde 45 göterim aşaklap, 212 milliard rubla (3,3 miliard dollar) düşendigi, munuň esasy sebäbiniň tebigy gazyn eksport mukdarynyň we nyrhlaryň aşaklamagyndan ybaratdygy beýan edildi.

Beýannamada Gazpromyň ýylyň ýanwar-sentýabr aýlarynyň aralygynda gazanan sap girdejisiniň bolsa geçen ýylyň degişli döwrüne görä 3 göterim ýokarlap, 1 trillion rubla barabar bolandygy nygtaldy.

Dünýäniň esasy tebigy gaz öndürijisi Gazpromyň sap girdejisi geçen ýyl 1,5 trillion rubla barabar bolupdy.


Etiketkalar: Russiýa , girdeji , Gazprom

Degişli Habarlar