“Emirates” we “Air Arabia” “Airbus" bilen 30 milliard dollarlyk şertnama baglaşdy

Şertnama laýyklykda 120 uçar alynar

1308952
“Emirates” we “Air Arabia” “Airbus" bilen 30 milliard dollarlyk şertnama baglaşdy

Birleşen Arap Emirlikleriniň howaýollary kompaniýasy “Emirates” we “Air Arabia” Fransiýanyň, Britaniýanyň, İspaniýanyň we Gollandiýanyň şärik bolan “Airbus” kompaniýa bilen uçar satyn almak üçin 30 milliard dollarlyk şertnama baglaşdy.

“Emiratesden” berilen ýazmaça beýannamada ýekşenbe güni abşlan Dubai uçar sergisinde “A350-900XWB” kysymly 50 sany “Airbus” uçarynyň satyn almak üçin 16 milliard dollarlyk ylalaşyga gol çekişilendigi habar berildi.

Beýannamada uçarlaryň 2023-nji ýylyň maý aýynda gowşuryljakdygy mälim edilýär.

“Air Arabiadan” berilen beýannamada bolsa “Airbus A320neo” kysymly 120 uçar üçin 14 milliard dollarlyk şertnama baglaşylandygy habar berildi.

Beýannamada 70 uçaryň “A320neo” kysymly 50 uçaryň bolsa “A321XLR” we “A321neo” kysymly bolandygy nygtalýar.



Degişli Habarlar