Hytaýdan Ýewropa gidýän ilkinji ýük otlusy Ankara gelip ýetdi

Hytaýdan Ýewropa gidýän we Marmaraý suwasty geçelgesinden geçip, Ýewropa barjak ilkinji ýük otlusy paýtagt Ankara geldi

Hytaýdan Ýewropa gidýän ilkinji ýük otlusy Ankara gelip ýetdi

Daşary işler ministrliginden berilen ýazmaça beýannamada Hytaýyň Şian şäherinden ugran “China Railway Expressiň” şu gün Ankara gelip ýetendigi nygtalyp: “Bu waka ýurdumyzyň alyp barýan gündogar bilen günbataryň arasynda aragatnaşygyň ýola goýulmagy boýunça edýän başlangyçlarynyň soňky nusgasy” diýilýär.

Türkiýäniň soňky ýyllarda transport infrastrukturasyny ösdürmek arkaly Aziýa bilen Ýewropanyň arasynda üznüksiz ganawyň ösdürilmegine uly goşandygyna üns çekilýän beýannamada: “Şol maksada in bir netijeli goşant goşjakdygyna ynanylýan Trans Hazar Günbatar-Gündogar Orta Koridorynyň çäginde sebitdäki hyzmatdaşlarymyz bilen bilelikde degişli başlangyçlar iş ýüzüne geçirilmäge dowam ediler” diýilýär.

Hytaýdan ýola düşüp, Marmaraý suwasty geçelgesinden geçip, Ýewrapa barjak ilkinji ýük otlusy “China Railway Express” Karsdan Türkiýä geçipdi.

Otly Türkiýede Ahylkelek, Kars, Erzurum, Erzinjan, Siwas, Kaýseri, Kyrykkale, Ankara, Eskişehir, Kojaeli, Stambul we Kapykule ugrundan gider.



Degişli Habarlar