Sabiha Gökçen howa menzili 10 ýylda 240 million  ýolagçy kabul etdi

2019-njy ýylyň ahyryna çenli howa menziliniň 36 million ýolagçyny kabul etmegi maksat edinilýär

1297962
Sabiha Gökçen howa menzili 10 ýylda 240 million  ýolagçy kabul etdi

Stambulyň Sabiha Gökçen adyndaky halkara howa menzili 10 ýylda 240 million  ýolagçy kabul etdi.

Mesele hakynda berlen beýanata görä, 2009-njy ýylyň ahyrynda 6,6 million ýolagçyny kabul eden howa menzili 10 ýylda ýolagçy sanyny 6 esse artdyrdy

2019-njy ýylyň ahyryna çenli howa menziliniň 36 million ýolagçyny kabul etmegi maksat edinilýär.

2009-2015-nji ýyllaryň aralygynda Ýewropanyň iň çalt depginde ösen howa menzili çinine eýe bolan Sabiha Gökçen howa menzili ady agzalýan döwürde onlarça baýragyň eýesi boldy

 

 



Degişli Habarlar