Merkezi bank ýyllyk inflýasiýa çaklamasyny aşaklatdy

Merkezi bankyň başlygy Murat Uýsal ýylyň ahyrynda inflýasiýanyň 12 göterime deň boljakdygyny aýtdy

1297887
Merkezi bank ýyllyk inflýasiýa çaklamasyny aşaklatdy

Ýylyň soňky inflýasiýa habarnamasyny Stambulda beýan eden Merkezi bankyň başlygy Murat Uýsal, inflýasiýa çaklamasyny 14,9 göterimden 12 göterime düşürendiklerini aýtdy.

İnflýasiýany aşaklatmaga gönükdirilen gyşarnyksyz pul syýasaty we güýçli syýasy utgaşyklyk arkaly inflýasiýany tapgyrlaýyn görnüşde göz öňüde tutulýan çage düşürmegi maksat edinýändiklerini belläp geçen Uýsal: “Şol çäkde inflýasiýanyň 2019-njy ýylyň ahyrynda 12 göterime barabar boljakdygyny, 2020-nji ýylyň ahyrynda bolsa 8,2, 2021-nji ýylyň ahyrynda bolsa 5,4 göterime çenli aşaklandan soň orta möhletde 5 göterim derejesinde durnuklaşjakdygyny çaklaýarys” diýdi.

Uýsal inflýasiýadaky aşaklamanyň we maliýe şertlerindäki gowulanmanyň ýany bilen ykdysadyýetdäki kadaly ösüşiň dowam etjekdigini çaklaýandyklaryny aýtdy.



Degişli Habarlar