Türkiýe Russiýa 9 aýda 412,6 million dollarlyk miwe eksport etdi

Türkiýeden ýylyň 9 aýlyk döwründe Russiýa Federasiýasyna edilen 412,6 million dollarlyk ter gök we miwe eksportynda birinji orny 75,8 million dollar bilen şetdaly eýeledi

1283793
Türkiýe Russiýa 9 aýda 412,6 million dollarlyk miwe eksport etdi

Türkiýeden ýylyň ýanwar-sentýabr aýlarynyň aralygynda Russiýa Federasiýasyna 505,5 müň tonna ter gök we miwe önümleri eksport edildi.

Degişli döwürde edilen ter gök we miwe önümleriniň eksportyndan 412,6 million dollar girdeji alyndy.

Russiýa Federasiýasyna edilen ter miwe we gök önümleriniň eksportynyň önüm sanawynda 73,4 tonna bilen şetdaly birinji orny eýeledi. Şetdalynyň eksportyndan 75,8 million dollar girdeji alyndy.

Geçen ýylyň degişli döwründe Russiýa eksport edilen 72,9 müň tonnalyk şetdaly eksportyndan 66,8 müň dollar girdeji alynypdy.



Degişli Habarlar