Wenesuela Russiýa bolan bergisini rubl bilen berdi

Wenesuela ABŞ-nyň goýan sanksiýalary sebäpli Russiýadan Amerikan dollary görnüşinde alan karzynyň bir bölegini rubl bilen bermeli boldy

1280435
Wenesuela Russiýa bolan bergisini rubl bilen berdi

“Sputnik” habarlar gullugynyň mälim etmegine görä Wenesuela Russiýadan alan 3,15 milliard dollara barabar karzynyň möhleti gutaran bölegini rubl bilen berdi.

Russiýanyň Maliýe ministriniň orunbasary Sergeý Stroçak “RBJ” saýtyna beren beýanatynda: “Bergidarlaryň ählisine şeýle hukuk we şert döredýäris. Bu olaryň işlegine bagly” diýdi.

ABŞ-nyň Wenesuela goýan sanksiýalary onuň bergisini Amerikan dollary bilen bermegini mümkin bolmadyk ýagdaýa düşürdi. Wenesuela Russiýa bolan bergisiniň 100 million dollarlyk ilkinji bölegini geçen aprel aýynda beripdi.



Degişli Habarlar