Hytaýa süýt eksporty üçin ylalaşyk gazanyldy

Oba we tokaý hojalygy ministri Ekrem Pakdemirli Hytaýa süýt ekesport etmek üçin ylalaşyk gazanylandygyny aýtdy

Hytaýa süýt eksporty üçin ylalaşyk gazanyldy

Ministr Pakdemirli Halkara süýtçilik federasiýasy (İDF) tarapyndan Stambulda geçirilen “İDF Bütindünýä Süýt Maslahatynda” çykyş etdi.

Türkiýäniň potensialyny ýokarlandyrjak möhüm syýasatlaryň birnäçesini golaýda iş ýüzüne geçirmek üçin tagalla edýändiklerini beýan eden Pakdemirli: “Öňübilen iri şahly maldarçylykda genetiki potensialymyzy ýokardyrjak kadalaýyş işlerini goldarys. Şonuň ýany bilen sebitleýin şertleri göz öňünde tutup et we süýt önümçiliginde regional höweslendiriş tapgyryna geçmegi nazarda tutýarys. Şonuň netijesinde hem et hem-de süýt önümçiligini ösdürmegi meýilleşdirýäris” diýdi.

Süýt önümleriniň dünýädäki tanymallygyna ünsi çeken Pakdemirli: “Daşarky bazarda türk süýt önümleriniň tanymallygy günsaýyn artýar. Esasanda labn peýniri dünýäde “Turkish Labne” ady bilen tanalýar. Ýakyn Gündogar ýurtlaryna edýän eksportymyzy Uzak Gündogar bazarynda-da ýaýbaňlandyrmak isleýäris. Şol çakde Hytaýa süýt eksport etmek üçin Weterinar saglyk sertifikaty boýunça ylalaşyk gazandyk” diýdi.

Pakdemirli Eýran we Özbegistan bilen Saglyk sertifikaty boýunça soňky bir ýyl üçin ylalaşandyklaryny aýtdy.



Degişli Habarlar