Türkiýe-Eýran Bilelikdäki Ykdysady Toparyň 27-nji Maslahaty Ankarada Geçirildi

Maslahatda özara we sebitara hyzmatdaşlyk şertleri seljerildi

1271059
Türkiýe-Eýran Bilelikdäki Ykdysady Toparyň 27-nji Maslahaty Ankarada Geçirildi

Energetika we tebigy serişdeler ministri Fatih Dönmez maslahatda sözlän sözünde Türkiýe bilen Eýranyň arasyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmek hem-de giňeltmek üçin irginsiz işlemäge dowam etjekdiklerini aýtdy.

Ministr Dönmez Eýranyň Prezidentiniň Diwanynyň İş dolandyryjysy Mahmud Waizi we ýolbaşçylyk edýan wekiliýeti bilen Türkiýe-Eýran Bilelikdäki Ykdysady Toparyň 27-nji Maslahatyna ýolbaşçylyk etdi.

Eýranyň wekiliýetini myhman almakdan iňňän hoşaldygyny aýdan Dönmez; “Ýurtlarymyzyň arasyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmek we giňeltmek üçin egilşiksiz işlemäge dowam edýäris” diýdi.

Ministr Dönmez hem özara hem-de üçtaraplaýyn duşuşyklar bilen şol egilşiksizligiň halk köpçüligine görkezendiklerini nygtap: “Enşalla şu gün Eýran bilen bilelikdäki ykdysady toparyň işlerini seljereris. Gatnaşyklary iň ýokary derejede ösdürip, dowam etdirmek biziň üçin uly ähmiýete eýe. İki ýurduň liderleriniň eý ebolan garaýyşlaryna laýyklykda döwlet ýolbaşçylarynyň başda durmagynda döwlet-hususy pudak tapawudyna garamazdan äli taraplara uly jogapkärçiligiň düşýändigini belläsim gelýär” diýdi.



Degişli Habarlar