Pekjan: “ABŞ we Türkiýe bilelikde işläp ähli päsgelçilikleriň hötdesinden gelip biler”

Türkiýäniň Söwda ministri Ruhsar Pekjan, ABŞ-nyň we Türkiýäniň bilelikde işläp ähli päsgelçilikleriň hötdesinden gelip biljekdigini nygtady

Pekjan: “ABŞ we Türkiýe bilelikde işläp ähli päsgelçilikleriň hötdesinden gelip biler”

Pekjan, ABŞ-nyň Söwda ministri Wilbur Rossyň gatnaşmagynda Ankarada Türkiýäniň Biržalar we palatalar birleşmesi TOBB-da geçirilen iş naharyna gatnaşdy.

Ministr Pekjan ol ýerde eden çykyşynda, Ross bilen bilelikde Türkiýäniň senagat mümkinçilikleri, ukyplary we ýagdaýy bilen baglanşykly pudagyň wekilleri bilen netijeli maslahat geçirendiklerini habar berdi.

Maksatlarynyň Prezident Rejep Taýýip Erdogan bilen ABŞ-nyň Prezidenti Donald Trampyň orta atan 100 milliard dollarlyk söwda kuwwadyna ýetmekdigini aýdan ministr Pekjan, şol maksat bilen Ross bilen aprel aýynda guran Waşington saparyndan başlap işleşmäge başlandyklaryny we şol çäkde iş toparyny döredendiklerini mälim etdi.

Taraplaryň biri-birlerine gowy düşünendiklerini we beýleki tarapdan garaşýanlarynyň nämedigini bilendiklerini aýdan Pekjan, orta atylan maksada ýetmek üçin işewür dünýä bilen bagly infrastruktura işleriniň hem geçirilmelidigini aýan etdi.

Pekjan: “Ýurtlaryň ikisi bilelikde işläp, ähli päsgelçilikleriň hötdesinden gelip biler. Hormatly Rossyň 5 günlik sapary örän möhüm we şol bir wagtda ABŞ-nyň hökümetiniň bu meselelere nähili derejede ähmiýet berýändiginiň görkezijisidir. Özi bilen saparynyň çäginde ähli pudaklary analiz etdik” diýip beýan etdi.



Degişli Habarlar