Türk goranyş we awiasiýa senagatynyň wekilleri Pakistanda ýerli öndürijiler bilen duşuşar

Pakistan pudagyň iň esasy alyjylaryndan biri bolup durýar

Türk goranyş we awiasiýa senagatynyň wekilleri Pakistanda ýerli öndürijiler bilen duşuşar

Türk goranyş we awiasiýa senagaty pudagynda iş alyp barýan firmalaryň wekilleri şol pudak üçin ýolda 7 milliard dollar sapar edýän Pakistanda eksport şertlerini giňeltmek üçin ýerli öndüriler hem-de üpjün edijiler bilen gepleşikler geçirer.

“Madýajiti” firmasynyň Dolandyryjylar geňeşiniň başlygy Hasan Kurt beren beýanatynda 2014-nji ýyldan bäri 4 gezek guralan “High Tech Port” goranyş sergisiniň 5-njisi oktýabr aýynyň 29-31-i aralygynda Pakistanda Karaçi Expo Centrde geçirjekdiklerini aýtdy.

Kurt mundan ozal Stambulda we Katarda geçirilen sergilere 260 firmanyň wekilleriniň gatnaşandygyny nygtap, sergä konsepte laýyklykda diňe türk firmalarynyň gatnaşyp bilýändigini beýan etdi.

Pakistanyň bolsa Türkiýäniň platforma we ulgam taýdan depginli ösüşi sebäpli gäzirki wagtda iň uly goranyş senagaty bazarydygyna ünsi çeken Kurt; “MİLGEM” we “Atak” dik uçarlary üçin goýulan gollar eksport mukdaryny diýseň ýokarlandyrdy. Pakistan türk goranyş we awiasiýa senagatynyň esasy merkezine öwrüldi” diýdi.

Prezidentiň ýanyndaky Goranyş senagaty ederasynyň goldaw bermeginde geçirilýän sergä Pakistanyň Goranyş senagaty ministrliginiň ýer eýeçiligini edýändigini aýdan Kurt, serginiň taýarlyklarynyň iki ýurtda-da ýokary depginde dowam edýändigini beýan etdi.



Degişli Habarlar