Russiýanyň Merkezi banky syýasy göterimi 0,25 bal aşaklatdy

Russiýa inflýasiýany howp hökmünde görmäge dowam edýär

Russiýanyň Merkezi banky syýasy göterimi 0,25 bal aşaklatdy

Bankdan berilen beýannamada inflýasiýanyň çaklamalara laýyklykda dowam etmegi sebäpli göterim mukdarynyň 0,25 bal aşakladyp, 7 göterime düşürilendigi nygtalýar.

Ýurtdaky inflýasiýa howpynyň dowam edýandigine üns çekilen beýannamada, rus ykdysadyýetindäki ösüşiň çaklamalardan aşakda bolandygy nygtaldy.

Russiýada ýylyň jemi inflýasiýa mukdarynyň 4-4,5 göterime deň bolmagyna garaşylýandygyna üns çekeilen beýannamada, inflýasiýanyň derejesiniň geljek ýyl 4 göterimden pes bolmagyna garaşylýandygy nygtalýar.

Bank 2019-njy ýylda rus ykdysady ýetiniň ösüşi baradaky çaklamasyny 1,0-1,5 göterim aralyğyndan 0,8-1,3 göterime çenli aşakladan bolsa, nebitiň nyrhy boýunça çaklamalasyny bolsa barrel başyna 65 dollardan 63 dollara düşürdi.

2015-nji ýyldan bäri göterim mukdarlaryny 17 göterimden tapgyrlaýyn görnüşde aşakladan Russiýanyň Merkezi banky iýul aýynda syýasy göterimini 7,25-e çenli aşakladypdy.



Degişli Habarlar