Ýylyň birinji ýarymynda 572,5 million dollarlyk keramika eksport edildi

Türkiýe ýylyň birinji alty aýynda 6 materige 572,5 million dollara barabar keramika eksportyny amala aşyrdy

1263490
Ýylyň birinji ýarymynda 572,5 million dollarlyk keramika eksport edildi

Türkiýäniň Hasabat guramasynyň görkezijilerine görä Türkiýe üstümizdäki ýylyň ýanwar-iýun aýlarynyň aralygyndaky döwürde geçen ýylyň degişli döwrüne görä keramika önümleriniň eksportynda 27 milliondan artyk girdeji aldy.

Degişli döwüde şol önümleriň eksporty 5 göterim golaý ýokarlap 572,5 million dollara barabar boldy.

Şol mukda geçen ýylyň degişli döwründe 545 million dollara deň bolupdy.

Ýylyň birinji ýarymynda ABŞ-dan Şwesiýa, Ysraýyldan Awstraliýa, Nigerden Braziliýa çenli 6 materikde 158 ýurda keramika önümleri satyldy.

Sanawyň başynda Ýewropa ýurtlary durýar.

Germaniýa 76,67 million dollarlyk keramika önümleri eksport edildi.

Keramika önümleriniň eksportynda Germaniýadan soň Britaniýa, ABŞ, Ysraýyl we Fransiýa esasy orny eleýär.



Degişli Habarlar