Daşary ýurtlylara ýaşaýyş jaý satuwy 64,5 göterim artdy

Daşary ýurtlylara ýaşaýyş jaý satuwy güýçli depginde artmaga dowam edýär

1255532
Daşary ýurtlylara ýaşaýyş jaý satuwy  64,5 göterim artdy

Daşary ýurtlylara ýaşaýyş jaý satuwy ýanwar-iýul aýlaryny öz içine alýan döwürde geçen ýylyň degişli döwründen bäri 64,5 göterim artyp 24 müňden geçdi.

Daşary ýurtlylara ýaşaýyş jaý satuwy güýçli depginde artmaga dowam edýär.

Üstümizdäki ýylyň ýanwar-iýul aýlaryny öz içine alýan döwürde daşary ýurtlylara jemi 24 müň 144 sany ýaşaýyş jaýy satyldy.

Geçen ýylyň degişli döwründe daşary ýurtlylara 14 müň 674 jaý satylypdy.

Üstümizdäki ýylyň iýul aýynda daşary ýurtlylara jemi 4 müň 192 jaý satyldy. 2018-nji ýylyň iýul aýynda bolsa daşary ýurtlylara 2 müň 858 jaý satylypdy

Daşary ýurtlylar iýul aýynda Stambuldan 1 müň 903 jaý, Antalýadan 764 jaý, Ankaradan 217 jaý, Bursadan bolsa 177 jaý satyn aldy

 

 

 



Degişli Habarlar