Antalýadan Polşa awokado eksport edildi

40 müň gekdarlyk meýdanda 50 million awokadonyň ösdürlip ýetişdirilmegi maksat edinýär

1253132
Antalýadan Polşa awokado eksport edildi

 

Antalýanyň Alanýa etrabyndan Polşa awokado eksport edildi

Syýahatçylyk bilen birlikde ekerançylyk pudagy bilen hem ýakyndan tanalýan Antalýanyň Alanýa etrabynda ösdürlip ýetişdirilýän awokadolar Ukrainadan, Ruminiýadan, Russiýadan, Gruziýadan we Eýrandan soň Polşa eksport edilmäge başlandy.

Alanýa awokado öndürijiler bileleşiginiň başlygy Hilmi Sewilgen, Türkiýede awokado önümçiliginiň 70 göteriminiň Alanýada ösdürlip ýetişdirilýändigine ünsi çekdi.

Hilgi Sewilgen 40 müň gekdarlyk meýdanda 50 million awokadonyň ösdürlip ýetişdirilmegini maksat edinýändiklerini nygtady.

Sewilgen Alanýada ösdürlip ýetirişdirilýän awokadynyň has tagamlydygyny belledi.

 

 


Etiketkalar: #eksport , #awokado , #gekdar

Degişli Habarlar