"Türkiýe bilen Özbegistanyň arasyndaky söwda mukdary gün saýyn ýokarlaýar"

Türkiýe-Özbegistan Işewürler maslahaty geçirildi

1240944
"Türkiýe bilen Özbegistanyň arasyndaky söwda mukdary gün saýyn ýokarlaýar"

 

Prezidentiň orunbasary Fuat Oktaý, Türkiýe bilen Özbegistanyň arasyndaky söwda mukdarynyň gün saýyn ýokarlaýandygyny nygtady.

Fuat Oktaý paýtagt Ankarada Özbegistanyň Wise-premýer Elýor Ganiýewiň gatnaşmagynda geçirlen Türkiýe-Özbegistan Işewürler maslahatyna gatnaşdy

Fuat Oktaý maslahatda sözlän sözünde Işewürler maslahatynyň iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklarda täze döwrüň başlangyjy boljakdygyna ynanýandygyny aýtdy.

Iki ýurduň arasyndaky daşarky söwda mukdarynyň gün saýyn ýokarlaýandygyny, 2018-nji ýylda Özbegistan bilen özara söwda gatnaşyklarynda uly ösüşiň edilendigini aýdan Oktaý, şu günki günde Türkiýäniň Özbegistanyň eksportunda 4-nji, importunda bolsa 5-nji orny eýeleýändigine ünsi çekdi.

Türkiýäniň eksportynyň 2019-njy ýylyň ilkinji 5 aýlyk döwründe geçen ýylyň degişli döwrü bilen deňeşdirilende 5 göterim artyp 76,6 milliard dollara çenli baryp ýetendigini aýdan Oktaý, daşary ýurtly maýadarlaryň Türkiýä bolan ynamynyň güýçlenmek bilen dowam edýändigini ýatlatdy

 

 



Degişli Habarlar