Yragyň hökümeti Ýaponiýa bilen karz ylalaşygyna gol goýdy

Ylalaşyga laýyklykda Ýaponiýa Yraga 1 milliard dollara babara karz berer

1219662
Yragyň hökümeti Ýaponiýa bilen karz ylalaşygyna gol goýdy

Yragyň hökümetiň ýurduň günortasyndaky Pars nebiti gaýtadan işläp çykarýan zawodyň döwrebaplaşdyrylmagy üçin Ýaponiýanyň Halkara hyzmatdaşlyk gullugy bilen 1 milliard dollarlyk karz ylalaşygyna gol çekişdi.

Yragyň Maliýe ministrliginde geçirilen gol çekişlik dabarasyna ministr Fuad Huseýin bilen Ýaponiýanyň Yrakdaky İlçisi Naofumi Haşimoto gatnaşdy.

Ministrlikden berilen ýazmaça beýannamada berilen karzyň 1 milliard dollara barabardygy we yzyna tölenmegi üçin 40 ýyl möhletiň kesgitlenendigi habar berildi.

Ylalaşygyň nebit önümleriniň hiliniň ýokarlandyrylmagyna goldaw bermek üçin Pars nebiti gaýtadan işläp çykarýan zawody döwrebaplaşdyrmagy we şol nebit önümleri bilen önümçilik mümkinçiligini artdyryp, Yragyň isleglerini kanagatlandyrmagyň maksat edinilýändigi habar berildi.

Ýaponiýa ozalky ýyllarda-da Yragyn hökümetine ýurduň günortasyndaky portlary bilen elektrik we nebit ýaly energetika pudaklaryny ösdürmek üçin karz beripdi.



Degişli Habarlar