Ispaniýanyň döwlet bergisi rekord derejede

Ispaniýada döwlet bergisi ilkinji gezek 1,2 trillion ýewrony geçip, rekord derejä ýetdi

1218775
Ispaniýanyň döwlet bergisi rekord derejede

Ispaniýanyň Merkezi banky tarapyndan aýan edilen 2019-njy ýylyň ilkinji çärýegi bilen bagly habarnamada, döwlet bergisiniň 1,2 trillion ýewrodan geçendigi, munyň bolsa Jemi içerki önümiň 98,7 göterimine deňdigi mälim edildi. 

Döwlet bergisiniň soňky 12 aýda 3,3 göterim artan Ispaniýada, hökümetiň maliýe maksatnamalardan uzaklaşandygy bellendi. 

Ýurtdaky sosialist azlyk hökümeti, Ýewropa Bileleşigine iberen 2019-2022-nji ýyllar bilan bagly Durnuklylyk programasynda 2019-njy ýyl üçin döwlet bergisiniň Jemi içerki önümi 95,8 göterim hökmünde kesgitlenipdi. 

 

 


Etiketkalar: #Ispaniýa , #bergi , #döwlet

Degişli Habarlar