Russiýanyň Gazprom kärhanasyndan Ukraina teklip

Russiýanyň energetika kärhanasy Gazpromyň başlygy Alekseý Miller, Ukraina 25 göterim derejesinde arzanladyş bilen tebigy gaz ibermäge taýýardyklaryny mälim etdi

1214791
Russiýanyň Gazprom kärhanasyndan Ukraina teklip

Alekseý Miller, Sankt-Peterburg Halkara Ykdysady forumyň çäginde Ukrainadaky rus tarapdary Oppozisioner platformyň liderleri Wiktor Medwedçuk we Ýuriý Boýko bilen duşuşyk geçirdi. 

Duşuşykda Ukraina bilen Gazpromyň arasynda tebigy gaz meselesi boýunça gepleşikler geçirendiklerini aýdan Miller: "Ukraina iberiljek tebigy gaz bilen baglanşykly şertnama, Ukrainanyň üstünden Ýewropa iberiljek gaz bilen baglanşykly şertnamadan has möhüm" diýdi. 

Miller Gazpromyň Ukraina satjak tebigy gazy arzanladyp biljekdiklerini belläp: "Ukraina iberiljek tebigy gazyň bahalaryny 25 göterim arzanlatmaga taýýardyrys" diýdi. 

Ukraina, 2015-nji ýylyň noýabr aýynda Russiýadan alýan tebigy gaz ekpsortyny duruzypdy. 

 



Degişli Habarlar