Sabiha Gökçende daşary ýurt uçar gatnawlarynyň sany artdyrylar

Sabiha Gökçen howa menzilinde daşary ýurt uçar gatnawlarynyň sany 128-e ýeter

1206305
Sabiha Gökçende daşary ýurt uçar gatnawlarynyň sany artdyrylar

Stambul Sabiha Gökçen halkara howa menzilinde bu ýylyň tomus aýynda açyljak täze 7 uçar nokady bilen daşary ýurt uçuş nokatlarynyň sany 128-e ýeter.

Stambul Sabiha Gökçen halkara howa menzili tarapyndan berilen beýanata görä, Pegasus howaýollary, 28-nji maýdan başlap Saud Arabystanynyň Riýad şäherine hepdäniň her güni ikitaraplaýyn häsýetde, 29-njy iýundan başlap Gollandiýanyň Eýndhowen  şäherine hepdede 3 gezek, 1-nji iýuldan başlap Britaniýanyň Mançester şäherine hepdede 5 gezek we Italiýanyň Wenesiýa şäherine hepdede 4 gezek, 8-nji iýuldan başlap bolsa Marokkonyň Kasablanka şäherine hepdede 4 gezek uçmaga başlar.


Etiketkalar: #Sabiha Gökçen , #uçar

Degişli Habarlar