Aziýadan Türkiýä 466 million dollarlyk maýa

Şeýlelik bilen Türkiýä mart aýynda goýulan gönüden maýa goýumlaryň 56,8 göterimi aziýaly maýadarlardan geldi

Aziýadan Türkiýä 466 million dollarlyk maýa

2018-nji ýylyň mart aýynda 835 million dollar derejesinde durmuşa geçirilen daşary ýurtlarda ýaşaýan adamlaryň Türkiýedäki gönüden maýa goýumlary, 2019-njy ýylyň şol döwründe 820 million dollar derejesinde boldy.

Şol döwürde Türkiýä gönüden maýa goýumlaryň 466 million dollar aziýaly, 342 million dollary ýewropaly, 10 million dollary amerikaly we 2 million dollary afrikaly maýadarlardan geldi.

Şeýlelik bilen Türkiýä mart aýynda goýulan gönüden maýa goýumlaryň 56,8 göterimi aziýaly maýadarlardan geldi.


Etiketkalar: maýa goýum , Aziýa , maýadar

Degişli Habarlar