Hytaý 60 milliard dollarlyk Amerikan harytlarynyň gümrük tarifini 5-25 göterim artdyrdy

Hytaý salgyt mukdarynyň ýokarlandyrylmagynyň ABŞ-na jogap häsýetindedigini beýan etdi

Hytaý 60 milliard dollarlyk Amerikan harytlarynyň gümrük tarifini 5-25 göterim artdyrdy

Hytaýyň Döwlet geňeşiniň Tarifler we salgytlar edarasyndan berilen beýannamada ABŞ-nyň 200 milliard dollar gymmatyndaky Hytaýyň harytlaryna gürüm tarifiniň 10 göterimden 25 göterime çykarylmagyna jogap hökmünde 60 milliard möçberindäki Amerikan harytlaryna 5-25 göterim aralygynda goşmaça salgyt goýulandygy habar berildi.

Kararyň 1-nji iýundan güýje girjekdigi barada aýdylýan beýannamada, gümrük salgytlarynyň ýokarlandyrylmagynyň 5, 10, 20 we 25 göterim mukdarlarynda jemi 2493 harydy öz içine alýandygy mälim edildi.

Resmi Waşingtonyň Hytaýa garşy salgyt mukdarynyň artdyrylmagy baradaky kararyna garşy resmi Pekiniň hem salgytlary ýokarlandyrmakdan başga çäresiniň galmandygy barada nygtalýan beýannamada; “Hytaýyň salgyt mukdarlarynyň ýokarlandyrylmagy baradaky çareleri ABŞ-nyň bir taraplylygyna we söwda hemaýatkärligine berilen jogapdyr. Hytaý ABŞ-nyň özara söwda gepleşikleriniň kadalaşmagyny tama edýär” diýilýär.

Resmi Pekin şeýle-de ABŞ-na “orta ýolda ylalaşmak” baradaky çagyryşyny ýenede bir gezek beýan etdi.  



Degişli Habarlar