Türkiýe 105 ýurda funduk eksport etdi

Funduk eksportyndan 570 million 178 müň 85 dollarlyk girdeji gazanyldy

Türkiýe 105 ýurda funduk eksport etdi

 

Türkiýe üstümizdäki ýylyň ilkinji 4 aýynda Italiýanyň, Germaniýanyň we Fransiýanyň başda durmagynda 105 ýurda funduk eksport etdi.

Gündogar Garadeňiz eksportçylar bileleliginiň görkezijilerine görä, üstümizdäki ýylyň ýanwar-aprel aýlaryny öz içine alýan döwürde 93 müň 437 tonna funduk eksport edilip 570 million 178 müň 85 dollarlyk girdeji gazanyldy

Funduk eksporty ady agzalýan döwürde geçen ýylyň degişli döwrü bilen deňeşdirilende 4, mukdar taýdan bolsa 2 göterim artdy.

Eksportda 148 million 997 müň 996 dollar bilen Italiýa birinji orny eýeledi.

Eksport sanawynda 105 million 81 müň 101 dollar bilen Germaniýa ikinji we 51 million 368 müň 290 dollar bilen Fransiýa üçünji orny eýeledi.

 


Etiketkalar: girdeji , eksport , funduk

Degişli Habarlar