Russiýanyň Merkezi banky 2018-nji ýylda Amerikan dollary ätiýajyny altyna, ýuana we ýewro öwürdi

Russiýanyň Merkezi bankynyň 2018-nji ýyl baradaky habarnamasynda ýurduň halkara ätiýaçlaryndaky paý mukdarlary seljerilýär

Russiýanyň Merkezi banky 2018-nji ýylda Amerikan dollary ätiýajyny altyna, ýuana we ýewro öwürdi

Russiýanyň halkara ätiýaçlarynda Amerikan dollarynyň paýy geçen 2017-nji ýyl bilen deňeşdirilende 23,1 bal aşaklap, 22,7 göterime düşen bolsa, ýewronyň paýy 10 baş ýokarlap, 31,7 göterime, ýuanyň paýy bolsa 11,4 göterim ýokarlap, 14,2 göterime çenli ýokarlandyryldy.

Ýurduň ätiýaçlaryndaky altynyn paýy bolsa 2018-nji ýylda 1 bala golaý ýokarlap, 18,1 göterime deň boldy.

Russiýanyň Hökümetiniň başlygynyň birinji orunbasary we Maliýe ministrin Anton Siluanow birnäçe gün ozal beren beýannamasynda ýurtdaky nebit we tebigy gaz firmalarynyň töleglerindäki Amerikan dollarynyň paýyny azaltmak baradaky meýilnamasyny golaýda hökümetiň garamagyna hödürlejekdiklerini aýdypdy.

Russiýanyň Ykdysady galkynyş ministri Maksim Orşkin bolsa Russiýanyň Maliýe ministrliginiň we Merkezi bankynyň ýruduň ykdysadyýetiniň “ dollarsyzlaşdyrylmagy” üçin degişli çäreleri görjekdigini habar beripdi.

Merkezi we Russiýanyň hökümeti tarapyndan dolandyrylýan walýuta, pul, İMF-iň ätiýaç pozisiýasy, altyn we beýleki ätiýaç emläklerinden emele gelýän ýurduň halkara ätiýaçlary 2008-nji ýylyň awgustynda 598 milliard dollar bilen taryhynyň iň ýokary çägine ýetipdi.



Degişli Habarlar