Yrak ABŞ we Hytaý bilen 53 milliard dollarlyk nebit ylalaşygyna gol goýar

Yragyň Premýer ministri Adil Abdulmehdi ABŞ-nyň “ExxonMobil” firmasy we Hytaýyň “PetroJhina” kompaniýasy bilen 53 milliard dollarlyk ylalaşyga gol çekişmäge taýarlyk görýändiklerini aýtdy

Yrak ABŞ we Hytaý bilen 53 milliard dollarlyk nebit ylalaşygyna gol goýar

Abdulmehdi paýtagt Bagdatda geçiren hepdelik metbugat ýygnagynda; “Nebit ministrligi, “ExxonMobil” we Hytaýyň “PetroChina” häzirki wagtda nebitiň nyrhy aşaklan ýa-da ýokarlan halatynda girdejiniň nähili bölüşiljekdigi meselesinde işleýär” diýdi.

Yragyň Premýer ministri ylalaşygyň 30 ýyl möhletli boljakdygyny we şol möhletde 400 milliard dollardan gowrak girdeji almagy meýilleşdirýändiklerini beýan etdi.

Abdulmehdi mega nebit ylalaşygynda Yragyň günortasydaky iki nebit käniniň Nahr bin Umar we Artawiniň giňeldilmegi bilen känlerdäki nebit önümçiliginiň günde 125 müň barrelden 500 müňe ýetirmegiň hem bardygyny aýtdy.



Degişli Habarlar