Trabzondan 48 ýurda 218 million 159 müň dollarlyk funduk eksport edildi

Üç aýlyk funduk eksportdundan 218 million 159 müň 565 dollarlyk girdeji gazanyldy

Trabzondan 48 ýurda 218 million 159 müň dollarlyk funduk eksport edildi

Gündogar Garadeňiz eksportçylar bileleşiginiň görkezijilerine görä, Trabzondan üstümizdäki ýylyň birinji çärýeginde 48 ýurda 34 müň 982 tonna funduk eksport edildi.

Üç aýlyk funduk eksportdundan 218 million 159 müň 565 dollarlyk girdeji gazanyldy.

Funduk eksporty geçen ýylyň degişli döwrü bilen deňeşdirilende 36 göterim, girdejisi bolsa 35 göterim artdy

Funduk eksportunda 12 müň 921 tonna bilen Italiýa birinji orny eýeleýär.

Italiýadan soň 4 müň 439 tonna bilen Germaniýa ikinji, 3 müň 806 tonna bilen Fransiýa üçünji orny eýeledi.


Etiketkalar: girdeji , eksport , funduk

Degişli Habarlar