Piter Estlin: “Türk ykdysadyýeti häzirki wagtda 13-nji orny eýeleýär”

London Finans merkeziniň başlygy Piter Estlin türk ykdysadyýetiniň dünýäde 13-nji orunda durýandygyny beýan etdi

Piter Estlin: “Türk ykdysadyýeti häzirki wagtda 13-nji orny eýeleýär”

Estlin Stambulda Türk Senagatçylary we İşewür Adamlary Jemgyýeti tarapyndan guralan “Breksitden soň maliýe we hyzmatlar pudaklarynda Türkiýe Britaniýa hyzmatdaşlygyny güýçlendirmek” atly ylmy maslahatda çykyş etdi.

Estlin 2017-nji ýylda Britaniýanyň Türkiýe üçin eksportda 2-nji bazar bolandygyny aýtdy.

Britaniýa üçin Türkiýäniň esasy söwda hyzmatdaşlardan biridigini nygtan Estlin; “Türkiýe bilen Britaniýanyň arasyndaky gatnaşyklar kadaly. Ony hasam ösdüreliň we gatnaşyklaryň taryhy iňňän gadymy” diýdi.

Estlin Türkiýäniň ýerleşiş taýdan-da strategik ähmiýete eýedigini nygtap: “Türkiýe bizde güneşi bilen täsir galdyrýar. Britaniýadan Türkiýä köp sanly syýahatçy gelýär. Türkiýäniň syýahatçylara serwis hyzmaty ýokary derejeli. Türkiýe bilen Britaniýanyň arasyndaky söwda mukdarynyň 20 milliard dollardan geçmegini maksat edinýäris. Türk ykdysadyýeti ösdi. Häzirki wagtda türk ykdysadyýeti dünýäde 13-nji orny eýeleýar. Türk ykdysadyýeti Ýewropa ýurtlarynyňkydan has depginli ösýär” diýdi.

 



Degişli Habarlar