Gruziýada elektrik tokda işleýän ulaglar öndüriler

Hytaýyň ulag kärhanasy Çangan, Gruziýanyň Kutaisi şäherinde 2020-nji ýyldan başlap elektrik tokda işleýän ulag öndürmäge başlar

1178614
Gruziýada elektrik tokda işleýän ulaglar öndüriler

Günorta Kawkazlarda ekologik önümleriň öndürilmegi bilen bagly ediljek ilkinji senagat taslamasynyň işi bilen bagly tanyşdyrylyş çäresi Gruziýanyň paýtagty Tbiliside boldy. 

Gruziýanyň Premýer ministri Mamuka Bakhtadze, ol ýerde eden çykyşynda, ýurdunda ekologik meseleleriň bardygyny, emma bu meseleleri çözmek üçin biri-birinden tapawutly taslamalary durmuşa geçirjekdiklerini habar berdi. 

Bu meseleleriň çözgüdi üçin Hytaýyň Çangan ulag kärhanasynyň Gruziýada elektrik tokda işleýän ulag öndürjekdigini aýdan Bakhtadze: "2020-nji ýyldan başlap elektrik tokda işleýän ulaglary bazarlara çykarmaga başlarys" diýdi. 

Ulaglaryň ýurdyň Kutasi şäherinde öndüriljekdigini aýdan Bakhtadze: "Fabrigiň mümkinçiligi 40 müň ulaglyk bolar. Şonuň 50 göterimi içerki bazar üçin öndüriler, beýleki 20 müň bolsa Ýewropa Bileleşigine eksport ediler. Ulaglaryň üstünde 'Made in Georgia' ýazgysy bolar. Bu uly bir üstünlikdir" diýdi. 

 


Etiketkalar: #Gruziýa , #ulag , #öndürmek

Degişli Habarlar