THÝ Stambul howa menzilinde bir günde 25 müňden gowrak ýolagça hyzmat berdi

Türk howaýollary Stambul howa menzilinde 25 müň 223 ýolagça hyzmat berdi

THÝ Stambul howa menzilinde bir günde 25 müňden gowrak ýolagça hyzmat berdi

THÝ-niň Metbugat geňeşçisi Ýahýa Üstün, Stambul howa menzilinden şu gün uçar saparlary bilen jemi 25 müň 223 ýolagçyny daşandyklaryny habar berdi.

Ýahýa Üstün, göçürilme etaby tamamlanan Stambul howa menziline baran we ol ýerden uçan THÝ-niň uçar saparlary bilen bagly maglumat berdi.

Ýahýa Üstün, täze öýleri bolan Stambul howa menzilinde sagat 13-45-e çenli 10 müň 641 myhmany 48 uçar bilen iberendiklerini belläp: “Öýümize gelen ýolagçy sanymyz bolsa 79 uçar sapary bilen 14 müň 582 ýolagçy boldy. Myhmanlarymyzyň jemi nagaž sany 21 müň 792, mümkinçilik derejämiz 84 göterim. Gowy başladyk. Gowy barýarys” diýip belledi.



Degişli Habarlar