Ruhsar Pekjan Russiýa sapar gurar

Türkiýäniň Söwda ministri Ruhsar Pekjan, iş sapary bilen ertir Russiýa gider

Ruhsar Pekjan Russiýa sapar gurar

Ruhsar Pekjan, Prezident Rejep Taýýip Erdogan we Russiýa Federasiýasynyň  Döwlet başlygy Wladimir Putiniň ýolbaşçylygynda 8-nji aprelde Moskwada geçiriljek Türkiýe-Russiýa ýokary derejeli hyzmatdaşlyk geňeşiniň maslahatyndan ozal Russiýa sapar gurar. 

Söwda ministrliginden berilen beýanata görä ministr Pekjan, Russiýa Federasiýasynyň Energetika ministri Türkiýe-Russiýa Bilelikdäki ykdysady komissiýanyň egindeş baştutany Aleksandr Nowak we ýurdyň Ykdysady galkynyş ministri Maksim Oreşkin bilen ikiçäk duşuşyklar geçirer. 

Türkiýe-Russiýa Bilelikdäki ykdysady komissiýanyň egindeş baştutany wezipesini hem alyp barýan Pekjanyň duşuşygyň çäginde, taraplaryň arasyndaky söwda we maýa goýum mümkinçilikleri bilen birlikde energetika, transport, ýerli pul birlikleri bilen söwda etmek, oba hojalyk, gümrük we syýahatçylyk ýaly ugurlarda hyzmatdaşlyk mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşar. 

Ministr Pekjan, duşuşyklardan soň ertir ýurduna gaýdyp dolanar. 

 


Etiketkalar: sapar , Russiýa , Ruhsar Pekjan

Degişli Habarlar