Iki aýda 59 ýurda 1 million 674 müň 434 dollarlyk çaý eksport edildi

Çaý eksporty 60 göterim, gymmaty bolsa 39 göterim artdy

1168947
Iki aýda 59 ýurda 1 million 674 müň 434 dollarlyk çaý eksport edildi

Türkiýeden üstümizdäki ýylyň ýanwar-fewral aýlaryny öz içine alýan döwürde 59 ýurda 1 million 674 müň 434 dollarlyk çaý eksport edildi.

Gündogar Garadeňiz eksportçylar bileleşiginiň görkezijilerine görä, Türkiýeden üstümizdäki ýylyň ýanwar-fewral aýlarynda 66 tonna çaý eksport edildi.

Geçen ýyl ady agzalýan döwürde 416 tonna çaý eksport edilip 1 million 208 müň 231 dollarlyk girdeji gazanylypdy.

Şeýlelikde ady agzalýan döwürde çaý eksporty 60 göterim, gymmaty bolsa 39 göterim artdy.

Iki aýlyk çaý eksportunda 363 müň 109 dollar bilen Germaniýa 1-nji, 239 müň 71 dollar bilen Belgiýa 2-nji 225 müň 543 dollar bilen Fransiýa 3-nji orny eýeledi.

 

 

 


Etiketkalar: #çaý , #eksport , #artdyrmak

Degişli Habarlar