Türkiýe gök we miwe önümlerini iň köp Russiýa satdy

Ady agzalan döwürde 104 million 533 müň dollarlyk gök we miwe önümleriniň eksporty bilen Russiýa ilkinji orunda boldy

Türkiýe gök we miwe önümlerini iň köp Russiýa satdy

Türkiýe 2019-njy ýylyň ýanwar-fewral aýlary aralygynda 100 ýurda jemi 365 million 662,8 müň dollarlyk gök we miwe önümlerini eksport etdi.

Ady agzalan döwürde 104 million 533 müň dollarlyk gök we miwe önümleriniň eksporty bilen Russiýa ilkinji orunda boldy.

Russiýadan soň, 34 million 84 müň 400 dollar bilen Yrak we 33 million 105 müň 975 dollar bilen Rumyniýa gelýär.


Etiketkalar: eksport , miwe , gök-önüm , Türkiýe

Degişli Habarlar