Türkiýäniň Ykdysadyýeti 2018-nji ýylda 2,6 göterim ösüş etdi

Türkiýäniň Hasabat guramasy, geçen ýylyň önümçilik usuly bilen hasaplanan jemi içerki önüminiň netijelerini aýan etdi

Türkiýäniň Ykdysadyýeti 2018-nji ýylda 2,6 göterim ösüş etdi

Jemi içerki önümiň ösüş depgini, 2018-nji ýylda 2017-nji ýyla garanyňda 19,1 göterim artyp, 3 trillion 700 milliard 989 million lira barabar boldy.

Söwda, transport, dynç alyş we iýmit hyzmaty pudaklaryndan emele gelen hyzmatlar pudagynyň goşmaça gymmady 5,6 göterim artdy.

Ykdysadyýetçileriň 2018-nji ýyl üçin ösüş çaklamasyny ortaça 2,5 göterim hökmünde kesgitläpdiler.   

Türkiýäniň ykdysadyýetindäki ösüş bilen bagly özüniň Twitter hasabyndan beýanat beren ýurdyň Gazna we maliýe ministri Berat Albaýrak: “2019-njy ýyl bilen bagly netijeler, ykdysadyýetimiziň çalt depginler bilen dikelýändigini we ylymly dikelme prosesiniň başlandygyny görkezýär” diýip habar berdi.

Içerki we daşarky deňagramlylygy bir ýerde tutyp, býujet ýetmezçiliginde we inflýasiýada azalyş başladandyklaryny aýdan Albaýrak, 2019-njy ýylda artan eksportyň we syýahatçylyk girdejileriniň ösüşe goşant goşan esasy ugurlar bolandygyny habar berdi.

Albaýrak: “Ykdysady syýasatlarynda güýçli bir koordinasiýa etabyny başymyzdan geçirýäris. Aprel aýynda etjek strukturalaýyn ädimlerimiz bilen etaby has hem güýçlendireris. Täze ykdysady programmamyzyň çäginde býujet ýetmezçiligini azaldarys, goşmaça bahaly önümçiligi artdyrarys, milletimiziň eşretini beýgeltjek syýasatlarymyzy tutanýerlilik bilen ýola goýmaga dowam ederis” diýdi.



Degişli Habarlar