TEKNOFEST-e rekord derejede ýüz tutma

TEKNOFEST-iň çäginde geçiriljek bolan ýaryşlara ýüz tutan adamlaryň sany geçen ýyla garanyňda 3 esse köp

TEKNOFEST-e rekord derejede ýüz tutma

Şu ýyl geçiriljek bolýan Stambul Awsiasia, kosmos we tehnologiýa festiwaly TEKNOFEST-e eýýäm şu wagtdan uly gyzyklanma bildirilýär.

TEKNOFEST-iň çäginde geçiriljek bolan ýaryşlara ýüz tutan adamlaryň sany geçen ýyla garanyňda 3 esse köp.

Festiwala gatnaşjak toparlaryň sany 6 müň 774-e ýetdi.

Festiwalda adamlaryň bähbidine boljak tehnologiýa ýaryşy, raketa ýaryşy, söweşjeň uçarmansyz howa ulaglary ýaryşy we uçýan ulag ýaryşlary geçiriler.


Etiketkalar: festiwal , Stambul , TEKNOFEST

Degişli Habarlar