Türkiýeden 6 aýda 167 müň tonna funduk eksport edildi

Funduk eksportundan 954 million 265 müň 842 dollarlyk girdeji gazanyldy

1156710
Türkiýeden 6 aýda 167 müň tonna funduk eksport edildi

 

Türkiýeden 6 aýda 167 müň tonna funduk eksport edilip 954 million 265 müň 842 dollarlyk girdeji gazanyldy.

Garadeňiz funduk we funduk önümleri eksportçylar bileleşigi tarapyndan berlen beýanatda 2018-nji ýylyň 1-nji sentýabry bilen 2019-njy ýylyň fewral aýynyň 1-i aralygynda jemi 167 müň tonna fundugyň eksport edilendigi we 954 million 265 müň 842 dollarlyk girdeji gazanylandygy ýatladyldy.

Geçen möwsümde ady agzalýan döwürde 171 müň 27 tonna funduk eksport edilip, 1 milliard 86 million 796 müň 622 dollarlyk girdeji gazanylypdy.

 

 



Degişli Habarlar