Türkiýe eksportda rekord goýmaga dowam edýär

Pekjan: “Şeýlelik bilen 2019-njy ýylyň ilkinji 2 aýynda eksportymyz 5 göterim artdy, importymyz bolsa 23,1 göterim derejesinde azaldy” diýdi

Türkiýe eksportda rekord goýmaga dowam edýär

Fewral aýynda eksport 3,7 göterim artyp, 14 milliard 312 million dollara barabar boldy. Daşary söwda bilen bagly maglumatlary paýlaşan ýurdyň Söwda ministri Ruhsar Pekjan: “Global söwdada başdan geçirilýän ähli kynçylyklara garamazdan, Türkiýe taryhynyň iň ýokary fewral aýy eksportyny aýan edýäris” diýip belledi.

Fewral aýynda importyň 18,7 göterimlik azalyş bilen 16 milliard 161 million dollara ýetendigini aýdan Ruhsar Pekjan: “Şeýlelik bilen 2019-njy ýylyň ilkinji 2 aýynda eksportymyz 5 göterim artdy, importymyz bolsa 23,1 göterim derejesinde azaldy” diýdi.


Etiketkalar: import , eksport , fewral

Degişli Habarlar